الجمعة، 1 يونيو 2018

🔴Niýet etmegiň wagty we onuň hökümi:

IslamHouse.com түркменче - Turkmani - تركماني
🔴Niýet etmegiň wagty we onuň hökümi:
Agyz bekleýji, agyz beklemezinden öň, oňa niýet etmeklik wajypdyr. Çünki bu, agzap geçişimiz ýaly, iki rüküniniň biridir.
Bu barada Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Çünki her bir amal niýete görädir we her bir kişiniň eden amaly, niýetine baglydyr”.
Wajyp bolan agyz beklemekde, ýagny, oraza aýynda, keffarat (günäýuwmak), kaza we aýdylan agyz beklemeklerinde, gijesine niýet edilýändir. Eger-de ertir (fejr) namazyndan, bir minut öň hem bolsa-da, niýeti kabuldyr. Bu barada Pygamberimiz –sallallahu aleýhi we sellem- şeýle diýdi: “Kimde-kim agyz beklemek islese we ertir namazyndan öň, gijesine niýet etmese, onuň amaly kabul bolýan däldir” 

ليست هناك تعليقات:

إرسال تعليق