IslamHouse.com түркменче - Turkmani - تركماني
🔴Agyz beklemekligiñ rükünleri (sütünleri):
🔵 Rükünleri: Şerigat taýdan açyklamasyna görä, onuň iki sany esasy rüküniniň bardygy, bize mälim bolýar. Olar:
⚫Birinji rüküni:
Gün dogmazyndan öň başlap, tä gün ýaşýança, agzyňy açýan zatlardan, saklanmaklyk.
Gün dogmazyndan öň başlap, tä gün ýaşýança, agzyňy açýan zatlardan, saklanmaklyk.
Bu rüküne Alla tagalanyň aşakdaky sözi delildir: “(Siz) indi (oraza gijelerinde) olara (aýallaryňyza) ýanaşyp (bilersiňiz) we Allanyň siziň üçin ýazgyt eden zadyny (perzent edinmegi) gözläň! Siz säher çagy, tä siziň üçin ak sapak gara sapakdan saýgarylýança, iýiň we içiň! Soň agşama çenli (Gün ýaşýança) agyz bekläň!”. (Bakara:187).
Ak sapak we gara sapak diýilmekliginiň myrady, gündiziň ýagtylygy bilen gijäniň garaňkylygydyr.
⚫Ikinji rüküni:
Niýet etmek. Ýagny, agzyny beklän adam, şol amalyny we agzyny açýan zatlardan saklanmagyny, beýik we ýeketäk Allanyň razylygy üçin, niýet etmekligi, hökmandyr. Sebäbi niýet, kast edilen amalyň, ybadatdygyny, beýleki adaty amallardan saýgarýandyr. Şeýle-de, ybadatlary hem, bir-birinden saýgarýandyr. Çünki agyz bekleýji ýa-ha remezan orazasy diýip, kast eder ýa-da agyz beklemegiň, başga görnüşini kast eder.

Bu rüküne delil, Pygamberimiziň –sallallahu aleýhi we sellemiň- hadysydyr. Pygamberimiz şeýle diýdi: “Çünki her bir amal niýete görädir we her bir kişiniň eden amaly, niýetine baglydyr” .
ليست هناك تعليقات:
إرسال تعليق